Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 20:11 - Mukaddes Kitap

11 Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Соңра мен улы ак тагт ве онуң үстүнде Отураны гөрдүм. Ер, гөк Онуң хузурындан йитип гитди, олары соңра тапып-да болмады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 20:11
27 Iomraidhean Croise  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Ol ýeri sarsdyryp, Onuň sütünlerini titredýär.


Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary.


Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.


Reb Öz ýeňşini aýan eýledi, milletleriň nazarynda dogrulygyny aýan eýledi.


Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.


Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Emma Men size diýýärin: kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


Emma aždarhanyň ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden giderdi.


Adalaryň ählisi ýitirim boldy, daglar gözden gaýyp boldy.


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


Onsoň men bir täze gök bilen bir täze ýer gördüm. Çünki öňki gök we ýer aýrylypdy. Indi hiç bir deňiz hem ýokdy.


Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.


Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm.


Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan