Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Гулагы бар адам Мукаддес Рухуң йыгнаклара нәме диййәнини эшитсин! Яманлыкдан үстүн гелене Худайың җеннетдәки яшайыш дарагтының мивесинден иймәге ругсат эдерин“».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 2:7
36 Iomraidhean Croise  

Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.


Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.


Uzaga çeken tama ýürek derdidir, hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.


Mylaýym dil ýaşaýyş daragtydyr, bozuk dil ruhy çökerýär.


Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.


Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.


Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna, serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi, çynarlar onuň şahalaryna deň däldi, Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç gözellikde oňa taý gelmeýärdi.


Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!


Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»


Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»


Isa onsoň olara: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi.


Adamyň içine girýän hiç bir zat ony murdar edip bilmez. Adamy murdar edýän zatlar onuň öz içinden çykýandyr» diýdi.


Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.


Birnäçesi-de gowy topraga düşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär». Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýip gygyrdy.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.


garaz, jennede äkidilýär. Ol ýerde söz bilen beýan edip bolmajak ajaýyp zatlary, ynsana aýtmaga rugsat edilmedik zatlary eşidýär.


Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz şeýtany ýeňdiňiz.


Gulagy bar adam eşitsin!


Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan