Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эмма сенде оңламаян бир задым бар: сен Мени илкибашда сөйшүң ялы сөймейәрсиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 2:4
11 Iomraidhean Croise  

Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi oýanyp, çyralarynyň ýagyny düzetmäge başlaýarlar.


Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan