Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 2:24 - Mukaddes Kitap

24-25 Emma size, ýagny Tiýatiradaky Izabeliň bu taglymatyna eýermedikleriň we ‘şeýtanyň syrlary’ diýilýänleri bilmeýänleriň baryna şuny aýdýaryn: eger imanyňyzy Men gelýänçäm saklasaňyz, siziň üstüňize başga zat ýüklemerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24-25 Эмма сизе, ягны Тиятирадакы Изабелиң бу таглыматына эермедиклериң ве ‘шейтаның сырлары’ дийилйәнлери билмейәнлериң барына шуны айдярын: эгер иманыңызы Мен гелйәнчәм сакласаңыз, сизиң үстүңизе башга зат йүклемерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 2:24
15 Iomraidhean Croise  

Biz Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygynda şu wajyp talaplardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi makul gördük:


Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy.


Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.


Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


«Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan