Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Şonuň üçin-de, Men ony hassalyk düşeginde ýatyraryn. Bu aýal bilen zyna edenlere-de, onuň azgynlygyndan ýüz öwürmeseler, jebir-jepa çekdirerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Шонуң үчин-де, Мен оны хассалык дүшегинде ятырарын. Бу аял билен зына эденлере-де, онуң азгынлыгындан йүз өвүрмеселер, җебир-җепа чекдирерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 2:22
16 Iomraidhean Croise  

Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».


Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar. Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Men diýdim: «Siz Menden gorkuň, öwüt-ündew alyň! Şonda mesgenleri ýok edilmez, jezalarym başlaryndan inmez». Emma olar öňküleri ýaly, ähli işlerinde pislikden lezzet aldylar.


Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz.


Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy».


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan