Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!
Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.
Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.
Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.
Güýçli howur ynsanlary ýakyp-köýdürdi. Ýöne olar toba gelmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Tersine, bu belalara hökümini ýöredýän Hudaýa gargadylar.