Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Эмма сенде оңламаян бир задым бар: сен өзүни пыгамбер сайян Изебел атлы аялың эденлерине гечиримлилик эдйәрсиң. Ол Мениң бенделерими өз таглыматы билен аздырып, олара зынахорлык этдирҗек боляр, бута хөдүрленен гурбанлыклардан ийдирҗек боляр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 2:20
19 Iomraidhean Croise  

Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň.


Sen çeşme suwundan içersiň. Ol ýerde gargalara seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».


Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.


Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn.


Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz.


Ýöne sen, eý, ynsan ogly, öz-özlerinden pygamberlik edýän halkyň gyzlaryna tarap ýüzüňi öwür-de, olara garşy pygamberlik et.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan