Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Йөне сенде оңламаян кәбир затларым бар. Сизиң араңызда Билгамың таглыматына эерйәнлер бар. Билгам ысрайыл халкыны гүнәниң торуна салмагың ёлуны Баллага өвретди. Шейдип, ысрайыл халкы бута берлен гурбанлыгы ийип, зына этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 2:14
30 Iomraidhean Croise  

Ol diýer: «Topragy tekizläp, ýol taýynlaň, halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».


Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.


Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


«Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.


Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.


Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Iman eden keseki milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz belli bir karara gelip, olara bireýýäm: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“ diýip ýazylan haty ýollapdyk».


Dawut hem olar barada şeýle diýýär: «Olara öz saçagy gapan we duzak bolsun, büdreme daşy we aljak jezasy bolsun.


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr.


Näme üçin? Sebäbi olaryň ymtylyşlary imana däl-de, Kanuna daýandy. Olar «Büdreme daşyna» büdrediler.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Azgynlyga ýol bermezlik üçin, goý, her erkek öz aýaly, her aýal-da öz äri bilen ýaşasyn.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Mowabyň hany Sipor ogly Ballak Ysraýyla garşy uruşmaga taýýarlananda, ol Begor ogly Bilgama sizi näletlemek üçin habar iberdi.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan