Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Гөрҗек гөргүлериңден горкма! Ине, сынамак үчин, иблис сизиң кәбирлериңизи туссаг этдирер. Сиз он гүнләп мушакгат чекерсиңиз. Өлүм ховпы үстүңе абананда-да, садык гал, Мен саңа яшайыш тәҗини берерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 2:10
36 Iomraidhean Croise  

Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň.


«Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin.


Şeýdip, sakçy bu pikir bilen ylalaşyp, olary on gün synap gördi.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder.


Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.


Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr.


Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.


Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Ýaryşa gatnaşýan her kes özerkliligi türgenleşdirýändir. Ol muny wagtlaýyn bir täji almak üçin edýär. Biz bolsa muny baky täji almak üçin edýändiris.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Gören jandarym gaplaňa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha bu jandara öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýaryny berdi.


Jandara Hudaýyň halky bilen söweşip, olary ýeňmeklik ygtyýary berildi. Şeýle-de oňa her tiräniň, her halkyň, her dilden we her milletiň üstünden höküm sürmeklik ygtyýary berildi.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan