Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:9 - Mukaddes Kitap

9 Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Онсоң перишде маңа шейле дийди: «Шулары яз: Гузының ника тоюна чагырыланлар багтлыдыр!» Ол сөзүни довам эдип: «Ине, булар Худайың хакыкы сөзлеридир» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:9
27 Iomraidhean Croise  

Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz“ diýip ýaz.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, habarçy bir nazarda okar ýaly, ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.


Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharyny iýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdyp iýmerin» diýdi.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


Bu wada ygtybarlydyr, her jähtden kabul ederlikdir.


Ine, şu sözler örän dogry aýdylan sözlerdir: Onuň bilen bile biz ölen bolsak, Onuň bilen bile ýaşajakdyrys.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


Ozalky, şu wagt görýänleriňi we mundan beýläk görjek zatlaryňyň baryny ýaz.


Bu ýedi gök gürrüldisi gürlände, men ýazmaga taýýarlandym. Ýöne gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, ýöne möhürle! Goý, olar gizlin galsyn!» diýen bir ses eşitdim.


Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


«Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:


«Pergamondaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyjy Bolan şeýle diýýär:


«Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:


«Izmirdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ölen we Direlen, Ilkinji we Ahyrky şeýle diýýär:


Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ygtybarly we çyndyr! Pygamberlerini ylhamlandyrýan Reb Hudaý tiz wagtda boljak wakalary Öz bendelerine görkezmek üçin perişdesini ýollady».


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


«Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Sadyk we dogruçyl Şaýat, Hudaýyň ýaradanlarynyň Başy, Omyn diýip Atlandyrylýan şeýle diýýär:


Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan