Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:8 - Mukaddes Kitap

8 Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Оңа бесленмәге непис, парлак, пәк зыгырдан лыбас берилди». Бу лыбас Худайың халкының догры ишлеридир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:8
21 Iomraidhean Croise  

Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.


Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim.


Olar içki howlynyň derwezelerine nepis zygyr matadan tikilen eşikde girerler, içki howlynyň derwezelerinde we içerde hyzmat edýärkäler, eginlerinde ýüňden edilen eşik bolmasyn.


Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.


Oňa: „Eý, dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nädip girip bildiň?“ diýip soraýar. Şonda ol adamyň dili tutulýar.


Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi.


Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy.


Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup:


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy.


Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi.


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan