Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:7 - Mukaddes Kitap

7 Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Гелиң, бегенелиң хем шатланалың! Оны шөхратландыралың! Чүнки Гузының тойы башланяр, Онуң гелинлиги хем тайяр болуп дур:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:7
29 Iomraidhean Croise  

Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar.


Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.


Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.


Eý, Sion gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň!


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.


Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


«Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir.


Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir.


Bu beýik syrdyr, ýöne men munda Mesih we imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Soňra soňky ýedi bela bilen doldurylan ýedi käseli ýedi perişdäniň biri meniň ýanyma gelip: «Gel, men saňa gelni, Guza aýal boljagy görkezeýin» diýdi.


Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan