Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:6 - Mukaddes Kitap

6 Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Соңра мен бир улы мәхелләниң сесине, әгирт улы умманың гүввүлдисине, гүйчли гөк гүррүлдисине меңзеш сеслер эшитдим. Олар шейле диййәрдилер: «Худая шан-шөхрат болсун! Чүнки Реббимиз Хөкмүрован Худай хөкмүрованлык сүрүп башлады!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:6
25 Iomraidhean Croise  

Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini Men-de boýun alaryn.


Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.


Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly.


Ýüreklerinde Hudaýy synaga salyp, öz küýsän iýmitlerini talap etdiler.


Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!


Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi.


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.


Onsoň demirgazykdan gelen ýok ediji oňa hüjüm edende, asman, ýer we olardaky ähli zat Babylyň başyna gelen zatlara şatlanyp gygyryşar. Muny Reb aýdýandyr.


Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.


Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


aýaklary kürede gyzardylan mis ýaly ýalpyldaýardy, sesi ägirt ummanyň güwwüldisi ýalydy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.


Men gökden ägirt uly ummanyň güwwüldisi ýaly, güýçli gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Bu ses arfaçylaryň çalýan owazyna meňzeýärdi.


Soňra men gökde uly mähelläniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hudaý biziň Halasgärimizdir, şöhrat we gudrat Onuňkydyr.


Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler.


Men bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki Hökmürowan Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr.


Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler we gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýedi çyra ýanyp durdy, bu Hudaýyň ýedi Ruhudy.


Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan