Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:5 - Mukaddes Kitap

5 Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli gullary, Ondan gorkýanlaryň uly-kiçi – ählisi, Oňa alkyş aýdyň!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Онсоң тагтдан чыкан бир сес шейле дийди: «Эй, Худайымызың әхли гуллары, Ондан горкянларың улы-кичи – әхлиси, Оңа алкыш айдың!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:5
14 Iomraidhean Croise  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, Rebbiň adyny şöhratlandyryň! Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň öýüniň howlusynda hyzmat edýänler, Rebbi şöhratlandyryň!


Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.


Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary, Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Ikinji jandar hemme ynsanlary: kiçileri we ululary, baýlary we garyplary, azatlary we gullary sag eline ýa-da maňlaýyna tagma basdyrmaga mejbur etdi.


Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.


Patyşalaryň, müňbaşylaryň, güýçli söweşijileriň läşini, atlaryň we atlylaryň läşini, erkinleriň we gullaryň läşini, kiçileriň we ulularyň läşini iýmäge toplanyň!»


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan