Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:20 - Mukaddes Kitap

20 Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Эмма җандар ве онуң билен биле галп пыгамбер есир алынды. Бу галп пыгамбер җандарың адындан аламатлар гөркезерди, җандарың тагмасыны өзүне басдырып, онуң хейкелине сежде эденлери алдарды. Җандар-да, галп пыгамбер-де дирилигине янып дуран күкүртли көле зыңылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:20
30 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.


Çadyrlarynda hiç zat galmaýar, ýurtlaryna kükürt ýagdyrylýar.


Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Edomyň çeşmeleri ergin şepbige topragy kükürde, ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler.


Süriniň iň saýlamasyndan al. Gazanyň aşagyndaky odunlary üýşür, gazany mazaly gaýnat, içindäki omaçalar bişsin“».


Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.


Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».


Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


Diňe Aý galasynyň hanyny diri tutup, ony Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Seniň gören on şahyň bolsa heniz patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Ýöne olar jandar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar alarlar.


Onsoň men jandary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar ata atlanyp Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşmek üçin üýşüpdirler.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Görnüşimde gören atlarymyň we olaryň üstündäkileriň görnüşi şeýledi: atlylaryň sowutlary ot ýaly gyzyl, goýy gök we kükürt ýaly sarydy; atlaryň kellesi arslanyňka meňzeýärdi, agyzlaryndan ot, tüsse we kükürt çykýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan