Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:18 - Mukaddes Kitap

18 Patyşalaryň, müňbaşylaryň, güýçli söweşijileriň läşini, atlaryň we atlylaryň läşini, erkinleriň we gullaryň läşini, kiçileriň we ulularyň läşini iýmäge toplanyň!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Патышаларың, мүңбашыларың, гүйчли сөвешиҗилериң ләшини, атларың ве атлыларың ләшини, эркинлериң ве гулларың ләшини, кичилериң ве улуларың ләшини иймәге топланың!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:18
18 Iomraidhean Croise  

Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.


Seniň özüňi we derýalaryňdaky ähli balyklary çöle taşlaryn. Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, ol ýerden ýygnalmarsyň we hiç kim saňa eýe çykmaz. Men seni ýabany haýwanlara we ýyrtyjy guşlara şam ederin.


Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz.


Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler.


Şägirtler Isa ýüzlenip: «Agam, bu hadysalar nirede bolar?» diýip soradylar. Isa hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşýändir» diýip jogap berdi.


Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Ikinji jandar hemme ynsanlary: kiçileri we ululary, baýlary we garyplary, azatlary we gullary sag eline ýa-da maňlaýyna tagma basdyrmaga mejbur etdi.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli gullary, Ondan gorkýanlaryň uly-kiçi – ählisi, Oňa alkyş aýdyň!»


Dünýäniň şalary, şazadalary, müňbaşylary, baýlary, ygtyýarlylary, hemme gullar we azat adamlar gowaklarda, dagyň gaýalarynda gizlendiler.


Piliştli ýene Dawuda: «Hany, bir gelsene, etiňi ýyrtyjy guşlar bilen wagşy haýwanlara şam edeýin» diýdi.


Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan