Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:14 - Mukaddes Kitap

14 Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Непис, ап-ак ве тәмиз зыгыра бесленен гөкдәки гошун ак атлара атланып, Онуң ызындан гелйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:14
18 Iomraidhean Croise  

Ýa Reb, maňa jogap ber, çünki Seniň sadyk söýgiň ýagşydyr; bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.


Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.


Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar.


Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asele çenli uzalyp gider. Siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler.


«Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär. Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».


Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer.


Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.


emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.


Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär.


Soňra men Sion dagynda Guzynyň duranyny gördüm. Onuň ýanynda bir ýüz kyrk dört müň adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we Onuň Atasynyň ady ýazylgydy.


Salkymlar şäheriň daşyndaky çukurda sykyldy. Gan çukurdan çogup çykdy-da, at uýanynyň derejesine galyp, üç ýüz çakrym aralyga ýaýrady.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.


Ýöne Sardisde öz lybasyny hapalamadyk birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen ak lybaslara beslenip gezerler, sebäbi muňa mynasypdyrlar.


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan