Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 19:10 - Mukaddes Kitap

10 Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Мен перишдә сежде этмек үчин, онуң аякларына йыкылдым. Эмма ол маңа шейле дийди: «Ёк, маңа сежде этме! Мен хем сен ве Иса барада шаятлык эдйән доганларың ялы Худайың бир гулудырын. Диңе Худая сежде эт! Иса барада шаятлык эдйәнлер пыгамберлик рухуна эе боляндырлар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 19:10
40 Iomraidhean Croise  

Sizi beýik gudrat we güýç bilen Müsür ýurdundan çykaran Rebbe sežde ediň, Onuň öňünde dyza çöküp, Oňa gurbanlyk beriň.


Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».


Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr.


Soňra Nebukadnesar patyşa ýere ýüzin düşüp, Danyýele tagzym etdi. Oňa galla sadakasyny we ýakymly ysly tütetgi hödür etmeklerini buýurdy.


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.


Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy.


Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».


Iýerusalimiň ilaty we olaryň ýolbaşçylary Isany tanaman, Ony ölüme höküm etdiler. Şeýdip, olar öňki pygamberleriň aýdanlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýdip, olar Sabat güni okalýan pygamberleriň sözleri boýunça hereket etdiler.


Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris.


Şeýlelikde, nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň.


Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň şaýatlygy bardyr. Kim Hudaýyň Öz Ogly baradaky şaýatlygyna ynanmaýan bolsa, ol Hudaýy ýalançy çykaryp, Oňa iman edýän däldir.


Eziz balalarym, özüňizi butlardan goraň!


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Onsoň aždarha aýala gaty gazaplandy. Ol aýalyň beýleki çagalary, ýagny Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa barada şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan