Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:9 - Mukaddes Kitap

9 Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Онуң билен зына эден, айшы-эшретине шәрик болан дүнйәниң патышалары онуң янгынының түссесини гөренлеринде, яс тутуп, агларлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:9
24 Iomraidhean Croise  

Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.


Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Edil Sodomyň, Gomoranyň, olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz». Muny Reb aýdýandyr.


Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar; gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler».


Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.


Kenarlardaky ähli ilatlar saňa aňkaryşdylar; patyşalary gaty gorkdular, ýüzleriniň reňki öçdi.


Bu höküm gözegçileriň karary bilen çykdy. Bu çözgüt perişdeleriň buýrugy bilen berildi. Ähli janly-jandarlar şuny bilsin: ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär. Ol patyşalygy Öz islän adamyna berýär. Ynsanyň iň pesini onuň üstünden goýýar“.


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


Ýaş dul aýallaryň adyny bu sanawa goşma. Sebäbi olaryň ten heseri Mesihe bolan sadyklygyndan üstün gelse, durmuşa çykmak islärler.


Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar».


Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy».


şäheriň ýangynynyň tüssesini görenlerinde: „Bu şähere taý geljek şäher barmydy?“ diýerler.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


Mähelle ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hawa, lolynyň tüssesi ebedi tütär!»


Şonuň üçin-de, Men ony hassalyk düşeginde ýatyraryn. Bu aýal bilen zyna edenlere-de, onuň azgynlygyndan ýüz öwürmeseler, jebir-jepa çekdirerin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan