Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:8 - Mukaddes Kitap

8 Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Шоңа гөрә, бир гүнүң ичинде өлүм, яс, ачлык беласы башына инер, оны от якып көйдүрер. Чүнки оны хөкүм эден Худай гүйчлүдир!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:8
18 Iomraidhean Croise  

Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?


Olar gylyjyň zarbyna berler, hem-de şagallara şam bolar.


Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar.


Şonuň üçin Ysraýyldan başy-da, guýrugy-da, palma şahasyny-da, gamşy-da bir günde kesip taşlar Reb.


Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.


Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babylyň galyň diwarlary ýer bilen ýegsan bolar, onuň belent derwezeleri ýakylar, halklar biderek ýere zähmet çekerler, milletleriň der döken zähmeti oda taşlanar».


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Şeýle ägirt uly baýlyk bir sagadyň içinde weýran boldy!“ Hemme gämiçiler, deňiz ýolagçylary we ähli deňizçiler – deňizden eklenýänleriň bary uzakda durup,


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


Mähelle ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hawa, lolynyň tüssesi ebedi tütär!»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan