Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:7 - Mukaddes Kitap

7 Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ол нәче шөхратланып, айшы-эшрет чекен болса, шонча-да җебир, гам-гусса бериң оңа! Чүнки ол өз йүрегинде шейле диййәр: „Мен мелике кимин отырын, дул дәлдирин, асла яс тутмарын“.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:7
16 Iomraidhean Croise  

Soňra patyşa Hamana: «Dessine şa lybaslaryny we aty al-da, patyşa köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudyny edil aýdyşyň ýaly et. Ýaňky aýdanlaryňyň ýekejesi-de kem bolmasyn» diýdi.


Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.


Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Ony içip tükedersiň, böleklerini ýenjip, göwsüňi parçalarsyň, Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Ýaş dul aýallaryň adyny bu sanawa goşma. Sebäbi olaryň ten heseri Mesihe bolan sadyklygyndan üstün gelse, durmuşa çykmak islärler.


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan