Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol size näme eden bolsa, siz hem oňa şony ediň. Onuň edenlerini iki esse edip gaýtaryň! Oňa iki esse güýçli garylan şerapdan içiriň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Ол сизе нәме эден болса, сиз хем оңа шоны эдиң. Онуң эденлерини ики эссе эдип гайтарың! Оңа ики эссе гүйчли гарылан шерапдан ичириң!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:6
21 Iomraidhean Croise  

Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.


Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.


Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.


Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.


Sionda gözüňiziň alnynda Babyl ýurdunyň we ähli babyllylaryň eden hemme ýamanlyklaryny özlerine gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Ysraýylyň öldürilenleri! Tutuş ýer ýüzüniň öldürilenleri üçin Babyl-da öz gezeginde heläk bolar.


Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb!


Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.


Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer.


Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy».


Aýal bolsa goýy gyrmyzy we al-gyzyl lybaslara beslenip, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenipdi. Onuň elinde ýigrenji zatlardan we zynahorlygynyň nejisliginden doly altyn şakäse bardy.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan