Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:4 - Mukaddes Kitap

4 Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Онсоң мен гөкден башга бир сес эшитдим. Ол шейле диййәрди: «Эй, халкым! Онуң гүнәлерине шәрик болмаз ялы, онуң белаларына учрамаз ялы, ол ерден чык.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:4
16 Iomraidhean Croise  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Sen gurbanlyk isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlyklary bersem-de, razy bolmarsyň.


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Babyldan gaçyp gutulyň, babyllylaryň ýurdundan çykyň, süriniň öňüni çekýän erkeç kimin boluň.


Eý, halkym, ol ýerden çyk, Rebbiň gahar-gazabyndan hemmäňiz janyňyzy halas ediň.


Eý, gylyçdan gaçyp gutulanlar, gidiň, saklanmaň! Rebbi uzak ýurtda ýatlaň Iýerusalim hakda oýlanyň.


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Biz Babyla şypa berjek bolduk, ýöne ol şypa tapmady! Ony taşlaň, gideliň! Her kim öz ýurduna gitsin! Onuň agyr hökümi göklere ýetdi, bulutlara çenli beýgeldi.


„Biz ata-babalarymyzyň döwründe ýaşan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk“ diýýärsiňiz.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan