Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:3 - Mukaddes Kitap

3 Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Чүнки әхли миллетлер онуң азгын хыҗувларының шерабыны ичдилер. Дүнйәниң шалары онуң билен зына этдилер, тәҗирлери онуң гөчгүнли айшы-эшретинден баядылар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:3
17 Iomraidhean Croise  

Ine, bile zähmet çekişenler, ýaşlygyňdan seniň bilen iş salşanlar nähili bolup çykýarlar; öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi, halas eden bolmaz seni.


Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.


Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar.


Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.


Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.


Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýen adamymy? Emma gymmatbahaly lybaslara beslenip, şady-horramlykda ýaşaýanlar şa köşklerindedir.


Ýaş dul aýallaryň adyny bu sanawa goşma. Sebäbi olaryň ten heseri Mesihe bolan sadyklygyndan üstün gelse, durmuşa çykmak islärler.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy».


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan