Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:24 - Mukaddes Kitap

24 Pygamberleriň we Hudaýyň halkynyň – dünýäde öldürilenleriň ählisiniň gany sende tapyldy».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Пыгамберлериң ве Худайың халкының – дүнйәде өлдүриленлериң әхлисиниң ганы сенде тапылды».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:24
16 Iomraidhean Croise  

Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan, ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam. Bu zatlaryň baryna garamazdan,


Eý, Ysraýylyň öldürilenleri! Tutuş ýer ýüzüniň öldürilenleri üçin Babyl-da öz gezeginde heläk bolar.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.


Men seredip durkam, bu şah Hudaýyň mukaddes adamlary bilen uruş etdi we olardan üstün çykdy.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, emma içi ölüleriň süňkleridir her tüýsli murdarlykdan doly mazarsyňyz.


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Ýahudylar pygamberleri we Reb Isany öldürdiler, bizi bolsa gysyp çykardylar. Olar başga milletleriň-de halas bolmagy üçin wagyz edilýän Hoş Habara böwet bolmakçy bolýarlar. Ýahudylar Hudaýy närazy edip, hemme adamlara garşy çykýarlar. Şunlukda, olaryň günäleri hetden aşyp barýar. Hudaýyň gazaby eýýäm olaryň başyndan inendir.


Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.


Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan