Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:23 - Mukaddes Kitap

23 Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Чыраларыңың ышыгы инди ягты сачмаз, өйленйән йигитдир гелниң сеси инди сенден эшидилмез. Сениң тәҗирлериң дүнйәниң бейик адамларыды, сениң җадыгөйлигиң әхли миллетлери ёлдан чыкарды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:23
26 Iomraidhean Croise  

Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.


Pisleriň çyrasy näçe gezek öçdi? Başlaryna üznüksiz betbagtçylyk abananyny gördüňmi? Hudaý gazabyna olary görgä duçar edýärmi?


Çünki olaryň geljegi bolmaz, erbetleriň çyrasy öçer.


Täçleri berýän Sura garşy beýle karar çykaran kim? Suruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siziň günleriňizde gözüňiziň alnynda bu ýerden şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“.


Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn.


Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».


Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.


Onuň jadygöýligi köpden bäri hemmäni haýrana goýýardy, şonuň üçin ony dykgat bilen diňlärdiler.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy».


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


Arfaçylaryň we aýdymçylaryň, tüýdükçileriň we surnaýçylaryň owazy indi sende ýaňlanmaz. Indi senden senetçiler-de, senet-de tapylmaz. Indi senden degirmeniň sesi asla eşidilmez.


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


Dünýäniň şalary, şazadalary, müňbaşylary, baýlary, ygtyýarlylary, hemme gullar we azat adamlar gowaklarda, dagyň gaýalarynda gizlendiler.


Olar ganhorlyklaryndan, jadygöýliklerinden, azgynlyklaryndan we ogurlyklaryndan dänmediler, toba gelmediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan