Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:21 - Mukaddes Kitap

21 Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Соңра бир гүйчли перишде әпет дегирмен дашы ялы дашы галдырып, оны деңзе зыңып, шейле дийди: «Бейик Бабыл шәхери, ине, шейле гүйч билен зыңлар! Ол инди асла тапылмаз!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:21
14 Iomraidhean Croise  

Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.


Düýş kimin uçup giderler, gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.


Olary tolkunlar gaplap, daş kimin çuň düýbe çökdüler.


Men seni elhenç howpa duçar ederin, sen ýok bolarsyň. Seni gözlärler, emma hiç haçan tapmazlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Soňra ol öz ýurdunyň galalaryna tarap öwrüler, ýöne büdräp ýykylar-da, ýitirim bolar.


Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy.


Emma aždarhanyň ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden giderdi.


Adalaryň ählisi ýitirim boldy, daglar gözden gaýyp boldy.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Arfaçylaryň we aýdymçylaryň, tüýdükçileriň we surnaýçylaryň owazy indi sende ýaňlanmaz. Indi senden senetçiler-de, senet-de tapylmaz. Indi senden degirmeniň sesi asla eşidilmez.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Soňra güýçli bir perişdäni gördüm. Ol batly sesi bilen: «Düýrlenen kagyzyň möhürlerini döwmäge, ony açmaga kim mynasyp?» diýip soraýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan