Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:2 - Mukaddes Kitap

2 Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Перишде батлы гыгырып, шейле дийди: «Йыкылды! Бейик Бабыл йыкылды! Ол җынларың месгенине өврүлди, әхли арвахларың сүренине өврүлди, дүрли харам ве неҗис гушларың пенасына өврүлди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:2
26 Iomraidhean Croise  

«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker, mukaddes mekanyndan seslener, agylyna garşy güňleç arlar. Bütin dünýäniň ilatyna garşy üzüm sykýanlar kimin gygyrar.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler.


aýaklary kürede gyzardylan mis ýaly ýalpyldaýardy, sesi ägirt ummanyň güwwüldisi ýalydy.


arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Soňra ýedi gök gürrüldisi gürledi.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Ybadathanadan çykan başga bir perişde buludyň üstünde Oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy işlet-de, or! Orak wagty ýetip geldi, sebäbi ýeriň hasyly ýetişdi».


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


Soňra güýçli bir perişdäni gördüm. Ol batly sesi bilen: «Düýrlenen kagyzyň möhürlerini döwmäge, ony açmaga kim mynasyp?» diýip soraýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan