Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:19 - Mukaddes Kitap

19 Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Олар башларындан гум совруп, агларлар, яс тутуп, сес эдип мөңңүрерлер: „Вай, халыңа вай, бейик шәхер! Деңизде гәмилери боланларың бары бу шәхериң байлыгы аркалы баяпды. Инди болса ол бир сагатда вейран эдилди!“

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:19
13 Iomraidhean Croise  

Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.


Ýedinji aýyň ýigrimi dördüne ysraýyl halky agyz beklemäge ýygnanyşdy. Olar jul geýnip, başlaryndan gum sowrupdy.


Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan kül sowurdylar.


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Sion gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.


Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


Benýaminlerden biri gaçyp, söweş meýdanyndan çykdy we şol günüň özünde Şilo geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan