Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:17 - Mukaddes Kitap

17 Şeýle ägirt uly baýlyk bir sagadyň içinde weýran boldy!“ Hemme gämiçiler, deňiz ýolagçylary we ähli deňizçiler – deňizden eklenýänleriň bary uzakda durup,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Шейле әгирт улы байлык бир сагадың ичинде вейран болды!“ Хемме гәмичилер, деңиз ёлагчылары ве әхли деңизчилер – деңизден экленйәнлериң бары узакда дуруп,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:17
11 Iomraidhean Croise  

Perýat ediň, eý, Tarşyş gämileri! Galaňyz weýran boldy.


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehimi inip, bizi halas eder» diýdi.


Emma ýüzbaşy Pawlusyň maslahatyna gulak asman, gämi ýolbaşçysy bilen gämi eýesiniň gepine ynandy.


Seniň gören on şahyň bolsa heniz patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Ýöne olar jandar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar alarlar.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan