Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:13 - Mukaddes Kitap

13 dalçyn, we beýleki tagamlyklary, ýakymly ysly tütetgileri, müşk-anbarlary, şeraby, zeýtun ýagyny, kepeksiz uny we bugdaýy, sygyrdyr goýunlary, atlardyr arabalary, adamlaryň janyny we tenini satyn aljak indi ýok.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 далчын, ве бейлеки тагамлыклары, якымлы ыслы түтетгилери, мүшк-анбарлары, шерабы, зейтун ягыны, кепексиз уны ве бугдайы, сыгырдыр гоюнлары, атлардыр арабалары, адамларың җаныны ве тенини сатын алҗак инди ёк.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:13
25 Iomraidhean Croise  

Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.


Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.


Olar duşmanlarynyň elli müň düýesini, iki ýüz elli müň dowaryny, iki müň eşegini ele saldylar we ýüz müň adamyny ýesir aldylar.


Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi.


«Biz ýagdaýymyzyň çatdygyndan, başga milletlere satylan öz ýahudy doganlarymyzy yzyna satyn aldyk. Emma siz hatda öz garyndaşlaryňyzy-da gulçulyga satýarsyňyz; soň biz olary yzyna satyn almaly bolýarys!» Olar dymyp, diýere söz tapmadylar.


Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin.


Düşegime hoşboý ysly mür, ahalot hem dalçyn sepdim.


Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Turdum ýaryma gapy açmaga, ellerimden damdy mür, barmaklarymdan akdy mür gulpuň tutawajyna.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Ýawan, Tubal we Meşek seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine gullar we bürünç gaplar bererdiler.


Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.


şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!


Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp, garyplary kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys».


Eger biri başga bir ysraýyllyny ogurlap gul etse ýa-da ony satsa, ol ogurlan adam öldürilsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.


Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz».


zynahorlar, biri-biri bilen ýatýan erkekler, gul söwdagärleri, ýalançylar, ähtiýalanlar, umuman, sagdyn taglymata garşy çykýanlaryň ählisi üçindigini bilýäris.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Täjirler şeýle diýerler: „Göwnüň küýsän miweleri ýitip gitdi. Baýlygyň we göz gamaşdyryjy ajaýyplygyň gaýyp boldy, olar indi asla dolanmaz“.


Babylda öz harytlaryny satyp baýan täjirler şäheriň jebirlerinden hopugarlar. Uzakda duran ýerlerinden ýas tutup, aglarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan