Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:11 - Mukaddes Kitap

11 Dünýä täjirleri onuň üçin ýas tutup, aglarlar, sebäbi indi olaryň harytlaryny satyn aljak ýok.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Дүнйә тәҗирлери онуң үчин яс тутуп, агларлар, себәби инди оларың харытларыны сатын алҗак ёк.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:11
18 Iomraidhean Croise  

Çünki onuň girdejisi kümüşden, peýdasy altyndan artykdyr.


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Ine, bile zähmet çekişenler, ýaşlygyňdan seniň bilen iş salşanlar nähili bolup çykýarlar; öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi, halas eden bolmaz seni.


Gebalyň garrylary we akyldarlary sende bolup, jaýryklaryňy suwaýardylar. Harytlaryňy alyş-çalyş etmek üçin ähli gämiler deňizçileri bilen sendediler.


Eý, bazaryň golaýynda ýaşaýanlar, perýat ediň! Ähli söwdagärleriňiz ýok ediler, kümüş ölçeýänleriňiziň bary gyrlar.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär.


Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Babylda öz harytlaryny satyp baýan täjirler şäheriň jebirlerinden hopugarlar. Uzakda duran ýerlerinden ýas tutup, aglarlar.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan