Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 18:10 - Mukaddes Kitap

10 Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Олар онуң чекйән җебирлеринден хопугып, узакда дуран ерлеринден шейле диерлер: „Эй, бейик шәхер, халыңа вай! Эй, кувватлылык шәхери Бабыл, халыңа вай! Сен бир сагадың ичинде җезаңы алдың!“

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 18:10
17 Iomraidhean Croise  

Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


Seniň tanamaýan ýurtlaryňa, başga milletleriň arasyna dargadylan bölegiňi getirenimde, köp halklaryň ýüreklerini howsala salaryn.


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler, köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler. Çagyrarlar daýhany matam tutmaga, ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.


Olaryň töwereginde duran ähli ysraýyllar bolsa, olaryň dady-perýadyny eşidenlerinde: «Ýer bizi-de ýuwudar!» diýşip gaçdylar.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Seniň gören on şahyň bolsa heniz patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Ýöne olar jandar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar alarlar.


şäheriň ýangynynyň tüssesini görenlerinde: „Bu şähere taý geljek şäher barmydy?“ diýerler.


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan