Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:9 - Mukaddes Kitap

9 Bulara düşünmek üçin paýhas we danalyk gerek. Ýedi kelle – bu aýalyň oturan ýedi dagyny we ýedi patyşany aňladýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Булара дүшүнмек үчин пайхас ве даналык герек. Еди келле – бу аялың отуран еди дагыны ве еди патышаны аңладяр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:9
10 Iomraidhean Croise  

Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Bu ýerde danalyk gerekdir. Düşbi adam, goý, bu jandaryň sanyny hasaplap çykarsyn, çünki bu san belli bir adamy aňladýandyr. Onuň sany-da alty ýüz altmyş altydyr.


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Onsoň perişde meni Mukaddes Ruh arkaly çöle äkitdi. Men ol ýerde gyp-gyzyl jandaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm. Bu jandaryň tutuş endamy Hudaýa dil ýetirýän atlardan doludy, onuň ýedi kellesi, on şahy bardy.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Näme geň galýarsyň? Aýalyň, onuň atlanyp barýan ýedi başly we on şahly jandarynyň syryny men saňa aýdaýyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan