Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:6 - Mukaddes Kitap

6 Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Онсоң аялың Худайың халкының ве Исаның шаятларының ганыны ичип, серхош боланыны гөрдүм. Муны гөрүп, гаты гең галдым.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:6
12 Iomraidhean Croise  

Men seredip durkam, bu şah Hudaýyň mukaddes adamlary bilen uruş etdi we olardan üstün çykdy.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň?


«Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi.


Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Oňa jandaryň heýkeline jan berme güýji berildi. Jandaryň heýkeli gepläp başlady-da, özüne sežde etmeýänleri öldürtdi.


Jandara Hudaýyň halky bilen söweşip, olary ýeňmeklik ygtyýary berildi. Şeýle-de oňa her tiräniň, her halkyň, her dilden we her milletiň üstünden höküm sürmeklik ygtyýary berildi.


Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan