Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:4 - Mukaddes Kitap

4 Aýal bolsa goýy gyrmyzy we al-gyzyl lybaslara beslenip, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenipdi. Onuň elinde ýigrenji zatlardan we zynahorlygynyň nejisliginden doly altyn şakäse bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Аял болса гойы гырмызы ве ал-гызыл лыбаслара бесленип, алтын, гымматбаха дашлар ве дүрлер билен безенипди. Онуң элинде йигренҗи затлардан ве зынахорлыгының неҗислигинден долы алтын шакәсе барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:4
22 Iomraidhean Croise  

Şeýle hem ýurtdaky seždegähleriň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.


Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi


Sen Öz gullaryň bolan pygamberleriňiň üsti bilen: „Eýelejek bolup barýan ýurduňyz ýerli halklaryň haramlyklary, nejislikleri bilen hapalanan ýurtdyr. Olar ony boýdan-başa öz haramlyklary bilen doldurdylar.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Muňa görä ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Näme üçin siz özüňizi ata-babalaryňyzyň ýol-ýörelgeleri bilen haram edip, olaryň ýigrenji zatlary bilen zynahorlyk edýärsiňiz?


Onsoň boş gazany onuň közleriniň üstünde goý. Şeýdip, ol gyzar, misi ýanar, pisligi içinde eräp, kesmegi aýrylar.


Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.


Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Bulara derek ol galalaryň hudaýyna hormat goýar. Ata-babalarynyň tanamadyk hudaýyny altyn-kümüş, gymmatbaha daşlar we her dürli sylag-serpaýlar bilen hormatlar.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Siz olaryň arasynda agaçdan, daşdan, altyndan we kümüşden ýasalan nejis butlary gördüňiz.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, dürleri, nepis zygyr matalary, gyrmyzy reňkli gymmat matalary, ýüpegi we al-gyzyl matalary, hoşboý ysly agajy, pil süňkünden, gymmatbaha agaçlardan, bürünçden, demirden we mermerden ýasalan dürli harytlary,


Olar möňňürişip, şeýle diýerler: „Waý, beýik şäheriň halyna waý! Ol nepis zygyr, goýy gyrmyzy we al-gyzyl geýnerdi, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenerdi.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


On iki derweze on iki dürden, ýagny her derweze bütewi bir dürden ýasalandy. Şäheriň şaýoly sap altyndan bolup, aýna ýaly ýalpyldaýardy.


Olar ganhorlyklaryndan, jadygöýliklerinden, azgynlyklaryndan we ogurlyklaryndan dänmediler, toba gelmediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan