Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:3 - Mukaddes Kitap

3 Onsoň perişde meni Mukaddes Ruh arkaly çöle äkitdi. Men ol ýerde gyp-gyzyl jandaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm. Bu jandaryň tutuş endamy Hudaýa dil ýetirýän atlardan doludy, onuň ýedi kellesi, on şahy bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онсоң перишде мени Мукаддес Рух аркалы чөле әкитди. Мен ол ерде гып-гызыл җандарың үстүнде отуран бир аялы гөрдүм. Бу җандарың тутуш эндамы Худая дил етирйән атлардан долуды, онуң еди келлеси, он шахы барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:3
26 Iomraidhean Croise  

Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.


Olar Elýaşa: «Ine, gullaryň arasynda elli sany güýçli adam bar. Goý, olar gidip, seniň jenabyň Ylýasy gözlesinler. Belki, Rebbiň Ruhy ony äkidip, dagdyr jülgeleriň birine taşlandyr» diýdiler. Elýaşa olara: «Ýok, olary ibermäň» diýdi.


Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.


Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.


Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen uly gopgunly sesi eşitdim.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.


Egin-eşigini çykaryp, egnine gyzyl don geýdirdiler.


Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


Aýala ýylanyň öňünden çöle, bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Aýal bolsa çöle gaçyp gitdi. Ol çölde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý şol ýerde oňa bir ýer taýýarlapdy.


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Aýal bolsa goýy gyrmyzy we al-gyzyl lybaslara beslenip, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenipdi. Onuň elinde ýigrenji zatlardan we zynahorlygynyň nejisliginden doly altyn şakäse bardy.


Altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, dürleri, nepis zygyr matalary, gyrmyzy reňkli gymmat matalary, ýüpegi we al-gyzyl matalary, hoşboý ysly agajy, pil süňkünden, gymmatbaha agaçlardan, bürünçden, demirden we mermerden ýasalan dürli harytlary,


Olar möňňürişip, şeýle diýerler: „Waý, beýik şäheriň halyna waý! Ol nepis zygyr, goýy gyrmyzy we al-gyzyl geýnerdi, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenerdi.


Perişde meni Mukaddes Ruh arkaly bir uly, beýik daga çykardy. Ol ýerden maňa gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýän mukaddes şäheri – Iýerusalimi görkezdi.


Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan