Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:2 - Mukaddes Kitap

2 Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdiler, ýeriň ilaty onuň zynahorlyk şerabyndan içip-içip serhoş boldy».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Дүнйәниң патышалары онуң билен зына этдилер, ериң илаты онуң зынахорлык шерабындан ичип-ичип серхош болды».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:2
14 Iomraidhean Croise  

Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar.


Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.


«Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Bu on patyşanyň maksady bir bolup, olar öz güýçlerini we ygtyýarlaryny jandara bererler.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Şonuň üçin-de, Men ony hassalyk düşeginde ýatyraryn. Bu aýal bilen zyna edenlere-de, onuň azgynlygyndan ýüz öwürmeseler, jebir-jepa çekdirerin.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


Olar ganhorlyklaryndan, jadygöýliklerinden, azgynlyklaryndan we ogurlyklaryndan dänmediler, toba gelmediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan