Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:17 - Mukaddes Kitap

17 Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Чүнки Худай Өз максадыны амала ашырмак ислегини оларың йүрегине гуйды. Шунлукда, олар Худайың сөзлери берҗай болянча, өзлериниң хөкмүрованлык ыгтыярыны җандара бермәге бирагыздан разы боларлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:17
28 Iomraidhean Croise  

Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Öz çadyrlarynda hüňürdeşdiler, Rebbiň sesini diňlemediler.


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.


Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.


Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer, emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi.


Şeýtan Onkileriň biri bolan Ýudas Iskariýodyň kalbyna girdi.


„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.


Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.


Esgerler biri-birine: «Geliň, muny ýyrtmalyň, muňa bije atalyň, kimiň bijesi çyksa, şol alar» diýdiler. Bu Mukaddes Ýazgylardaky: «Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar» diýen sözleriň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy. Esgerler şeýle hem etdiler.


Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak güni Hudaý Öz pygamber gullaryna yglan edişi ýaly, Onuň syry amala aşar».


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Bu on patyşanyň maksady bir bolup, olar öz güýçlerini we ygtyýarlaryny jandara bererler.


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


Şonda olara ak lybas berlip, ýene az salym sabyr etmelidigini aýtdylar. Çünki olaryň hataryna özleri ýaly öldüriljek ýoldaşlarynyň we doganlarynyň doly sany goşulmalydy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan