Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:12 - Mukaddes Kitap

12 Seniň gören on şahyň bolsa heniz patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Ýöne olar jandar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar alarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Сениң гөрен он шахың болса хениз патышалыга етмедик он патышадыр. Йөне олар җандар билен биле бир сагат патышалык этмәге ыгтыяр аларлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:12
12 Iomraidhean Croise  

Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.


On şah bolsa bu patyşalykdan çykjak on patyşadyr. Bulardan soňra öňkülerden tapawutly başga bir patyşa döräp, öňki üç patyşany ýykyp taşlar.


Onsoň ol maňa: «Sen ýene-de köp halklar, milletler, diller we patyşalar hakda pygamberlik etmelisiň» diýdi.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Şeýle ägirt uly baýlyk bir sagadyň içinde weýran boldy!“ Hemme gämiçiler, deňiz ýolagçylary we ähli deňizçiler – deňizden eklenýänleriň bary uzakda durup,


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan