Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 17:1 - Mukaddes Kitap

1 Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Эли кәсели еди перишдәниң бири гелип, маңа шейле дийди: «Гел, мен саңа көп сувларың үстүнден хөкмүрованлык йөредйән улы лолының җезасыны гөркезейин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 17:1
20 Iomraidhean Croise  

Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary, zynagäriň, kemçiniň zürýatlary, golaýrak geliň!


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Eý, bol suwlar ýakasynda, baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk! Seniň soňuň geldi, ömür tanapyň kesildi!»


Suwlar ony ösdürdi, ýerasty bulaklar ony belent etdi; daş-töweregini derýalar gurşap, akar çeşmeleri bilen uzakdaky ähli agaçlary gandyrýardy.


Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.


Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Mundan soň men gökden inip gelýän başga bir perişdäni gördüm. Onuň uly ygtyýary bolup, şöhraty bütin dünýä nur saçdy.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, onuň derwezelerini we diwaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg taýagy bardy.


Soňra soňky ýedi bela bilen doldurylan ýedi käseli ýedi perişdäniň biri meniň ýanyma gelip: «Gel, men saňa gelni, Guza aýal boljagy görkezeýin» diýdi.


Şondan soň gökde bir açyk gapyny gördüm. Ilkibaşda meniň bilen gepleşen, surnaýyň sesine meňzeýän ses maňa: «Ýokary çyk, Men saňa mundan soň bolmaly zatlary görkezeýin» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan