Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:8 - Mukaddes Kitap

8 Dördünji perişde käsesini Güne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-köýdürmeklik güýji berildi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Дөрдүнҗи перишде кәсесини Гүне дөкди. Гүне ынсанлары от билен якып-көйдүрмеклик гүйҗи берилди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:8
11 Iomraidhean Croise  

Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.


Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.


Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar.


Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir».


Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi.


Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz.


Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.


Ol dowzah guýusyny açanda, ondan äpet ojagyň tüssesi ýaly tüsse burugsalap çykdy. Bu tüsseden ýaňa Gün we Aý garaldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan