Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:7 - Mukaddes Kitap

7 Men gurbanlyk sypasyndan bir sesiň: «Hawa, Reb Hökmürowan Hudaý, Seniň hökümleriň hakdyr, adyldyr» diýip jogap berenini eşitdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Мен гурбанлык сыпасындан бир сесиң: «Хава, Реб Хөкмүрован Худай, Сениң хөкүмлериң хакдыр, адылдыр» дийип җогап беренини эшитдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:7
11 Iomraidhean Croise  

Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.


Reb eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adama: «Keruplaryň aşagyndaky tigirleriň arasyna gir. Keruplaryň aralarynda ýanyp duran közlerden goşawujyňy doldur-da, şäheriň üstüne seç» diýdi. Ol adam meniň gözümiň alnynda tigirleriň arasyna girdi.


Keruplaryň biri özleriniň aralaryndaky köze elini uzadyp, ondan aldy-da, eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adamyň elleriniň aýasynda goýdy. Ol-da ony alyp çykdy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir».


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Guzy bäşinji möhüri döwende, gurbanlyk sypasynyň aşagynda Hudaýyň Hoş Habary ugrunda we eden şaýatlyklary üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan