Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:5 - Mukaddes Kitap

5 Men suwlara gözegçilik edýän perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Eý, häzir bar we geçmişde bolan Mukaddes Hudaý! Sen şu hökümi çykarmak bilen adalatlydygyňy aýan etdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Мен сувлара гөзегчилик эдйән перишдәниң шейле диенини эшитдим: «Эй, хәзир бар ве гечмишде болан Мукаддес Худай! Сен шу хөкүми чыкармак билен адалатлыдыгыңы аян этдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:5
18 Iomraidhean Croise  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Emma Senden gorkarlar ýaly, Sende bardyr geçirimlilik.


Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.


Şonuň üçin Reb bu belalaryň amatly pursadyny peýläp, olary biziň başymyzdan inderdi. Çünki Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun bolmadyk.


Eý, adalatly Ata, dünýä Seni tanamaýar, emma Men Seni tanaýaryn. Bu adamlar hem Meni Seniň iberendigiňi bilýärler.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


Üçünji perişde käsesini derýalara, suw gözbaşlaryna dökdi. Olar-da gana öwrüldi.


Men gurbanlyk sypasyndan bir sesiň: «Hawa, Reb Hökmürowan Hudaý, Seniň hökümleriň hakdyr, adyldyr» diýip jogap berenini eşitdim.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan