Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplara we suw howdanlaryna urup, gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi.
Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.
Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».
Pygamberlik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň gögi baglamaga ygtyýary bardyr. Olaryň suwy gana öwürmäge, ýer ýüzüni islän wagtlary dürli bela-külpetlere ýolukdyrmaga ygtyýarlary bardyr.
Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»
Men suwlara gözegçilik edýän perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Eý, häzir bar we geçmişde bolan Mukaddes Hudaý! Sen şu hökümi çykarmak bilen adalatlydygyňy aýan etdiň.