Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:2 - Mukaddes Kitap

2 Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Биринҗи перишде гидип, кәсесини ере дөкди. Җандарың тагмасы болан ве онуң хейкелине сежде эден адамларда эрбет ве агырылы яралар пейда болды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:2
22 Iomraidhean Croise  

Sen bolsa agyr içege keseline ýolugarsyň, tä içegeleriň daşyna akyp çykýança, keseliň günsaýyn ýaramazlaşar“».


Bu wakalardan soň, Reb Ýehoramy bejerip bolmaýan içege keseline ýolukdyrdy.


Şonuň üçin Taňry Sion gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takyradar.


Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar, edermen urşujylaryň söweşde ölerler.


Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.


Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz.


Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar.


Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar.


Ol birinji jandara hyzmat edip, onuň bütin ygtyýaryny amal edýärdi, tutuş ýer ýüzüni we onuň ilatyny ölüm howply ýarasy biten jandara sežde etmäge mejbur edýärdi.


Buludyň üstünde Oturan oragyny ýer ýüzünde işletdi. Şeýdip, ýeriň hem hasyly oruldy.


Olaryň yzyndan uçup gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Kimde-kim jandara we onuň heýkeline sežde etse, maňlaýyna ýa-da eline onuň tagmasyny basdyrsa,


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar.


Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.


Reb aşdotlylary we Aşdodyň çäklerinde ýaşaýan halky agyr jezalandyrdy, olary gorkuzdy; endamlaryna çykuw çykaryp, olary howsala saldy we başlaryndan aýylganç külpet inderdi.


Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan