Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:19 - Mukaddes Kitap

19 Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Бейик шәхер үч бөлек болды. Миллетлериң шәхерлери вейран болды. Худай Бабыл шәхерини яда салып, гахар-газабындан долы шераплы кәсесинден бу шәхере ичирди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:19
15 Iomraidhean Croise  

Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak patyşasy içjekdir.


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


Çünki onuň günäleri beýgelip göge ýetdi, Hudaý onuň jenaýatlaryny ýatlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan