Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:13 - Mukaddes Kitap

13 Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Онсоң аждарханың, җандарың ве галп пыгамбериң агызларындан гурбага меңзеш үч эрбет рухуң чыканыны гөрдүм.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:13
17 Iomraidhean Croise  

Şonda Pinehas durup töwella etdi, mergi togtady.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan