Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:11 - Mukaddes Kitap

11 Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Олар этмишлеринден дәнмедилер, тоба гелмедилер, терсине, эҗирлери ве яралары үчин Гөгүң Худайына гаргадылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:11
20 Iomraidhean Croise  

Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy.


Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Şeýdip, olar Gögüň Hudaýyny hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler.


«Şalaryň şasy Artakserksden Gögüň Hudaýynyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam!


Men patyşa Artakserks, Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ähli hazynadarlara buýruk berýärin! Gögüň Hudaýynyň kanunyny ýazýan Ezra ruhana näme gerek bolsa, ony dessine berjaý ediň.


Patyşanyň we onuň ogullarynyň başyna gazap inmez ýaly, Gögüň Hudaýy tarapyndan Hudaýyň öýi barada näme tabşyryk berilse, ol doly berjaý edilsin.


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gögüň Hudaýyndan dileg etdim.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy.


Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.


Güýçli howur ynsanlary ýakyp-köýdürdi. Ýöne olar toba gelmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Tersine, bu belalara hökümini ýöredýän Hudaýa gargadylar.


Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol azgynlygyndan ýüz öwresi gelenok.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan