Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:10 - Mukaddes Kitap

10 Bäşinji perişde käsesini jandaryň tagtyna dökdi. Jandaryň patyşalygy tümlüge gaplandy. Ynsanlar çekýän ejirlerinden ýaňa dillerini dişlediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Бәшинҗи перишде кәсесини җандарың тагтына дөкди. Җандарың патышалыгы түмлүге гапланды. Ынсанлар чекйән эҗирлеринден яңа диллерини дишледилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:10
22 Iomraidhean Croise  

Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar.


lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär.


Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.


Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowlanyňyzy gören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar.


Hemmelere hormat goýuň. Imanly doganlaryňyzy söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.


Ýer ýüzüniň ilaty olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Sebäbi bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem edipdi».


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


Bulara düşünmek üçin paýhas we danalyk gerek. Ýedi kelle – bu aýalyň oturan ýedi dagyny we ýedi patyşany aňladýar.


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.


Ol dowzah guýusyny açanda, ondan äpet ojagyň tüssesi ýaly tüsse burugsalap çykdy. Bu tüsseden ýaňa Gün we Aý garaldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan